Turkmenportal logo
Şu gün 17:38
45954595
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AP: Ýewropanyň balyk senagaty adatdan daşary yssydan we guraklykdan ýitgi çekdi
Surat: ria.ru

Ýewropa ýurtlarynyň balyk senagaty adatdan daşary yssy hem-de guraklyk sebäpli köp millionlarça ýitgi çekdi diýip, pudagyň wekillerine salgylanýan AP agentligi habar berdi. Agentlige salgylanýan «Ria Nowosti» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Bosniýa we Gersogowinanyň, Çehiýanyň, Rumyniýanyň we Wengriýanyň balyk fermalary köp ýitgi çekdiler. Sebitde ýagdaý energiýa we suw üpjünçiligi bilen bagly dörän goşmaça ýitgiler, hasylyň ýok bolmagy, şeýle-de gämiçilik hem-de söwda pudaklaryndaky bökdençlikler sebäpli has-da çylşyrymlaşýar.

Häzirki wagtda Ýewropa soňky ýyllaryň iň yssy döwürlerini başdan geçirýär, Ispaniýa, Portugaliýa, Fransiýa, Italiýa we Gresiýa mundan has güýçli ejir çekdiler.