Turkmenportal logo
Şu gün 16:46
52185218
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň iň gurak ýerine gar ýagdy
Surat: giport.ru

ABŞ-nyň Aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasy (NASA) Çiliniň demirgazygyndaky Atakama çölüniň gara bürenip ýatan şekilini görkezdi. Ýeriň bu nokady dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri hasaplanýar.

Awgust aýynda düşürilen suratlarda And daglaryndan başlap, Ýuwaş ummanyň kenarlaryna çenli gara örtülendigi görünýär.

Ýeri gelende, Atakamada gar 2011-nji we 2025-nji ýyllarda-da hasaba alnypdy.

Günorta Amerikada ýerleşýän Atakama sährasy ummanyň ýakasy bilen 1 müň kilometre ýaýylyp ýatyr. Bu ýerde ygal seýrek düşýär. Käbir etraplarda meteorologik synlamalaryň başlanyndan bäri asla ýagyş hem ýaganok.

Alymlar gurak howany bu çägiň aýratyn klimaty bilen baglanyşdyrýarlar: sowuk Peri akymy kenarýakadaky howanyň derejesini peseldýär we ýagyş bulutlarynyň döremegine päsgel berýär. Şonuň üçin ýerli ýaşaýjylar bu ýerde ýagyşlary däl-de, diňe goýy dumanlara şaýat bolup bilýärler. Gündogardan bolsa, çygly howa akymlary dag päsgelçiligi sebäpli Atakama aralaşyp bilenoklar, ähli çyglylyk And daglarynyň gündogar eňňitlerinde galýar.