Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-20) baş tälimçi Didar Hajyýewiň ýolbaşçylygynda Aziýa kubogy-2027 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Yragyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşyk duşenbe güni Taýlandyň Çonburi şäherinde geçirildi.
15-nji minutda «Ahal» toparynyň ýarym goragçysy Ýakupmuhammet Gowşudow penalti urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby açdy. Ikinji ýarymyň 58-nji minutynda yrakly futbolçy Moamal Malik toparyna deňlik getirdi. Türkmenistanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren pökgini bolsa 77-nji minutda «Altyn Asyr» toparynyň hüjümçisi Weýisgeldi Orazdurdyýew geçirdi. Şeýlelikde, milli ýygyndymyz üç utuk gazandy.
Türkmenistanyň ýygyndysy «F» toparçada Yragyň, Taýlandyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýär. Türkmen futbolçylary indiki duşuşygyny 3-nji sentýabrda ýaryşyň eýesi Taýlandyň ýygyndysyna garşy geçirer. 6-njy sentýabrda bolsa BAE-niň ýygyndysy bilen duşuşar.

Saýlama tapgyrynda 31 milli ýygyndy sekiz toparça bölündi. Toparçalaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň arasynda iň gowy görkezijä eýe bolan ýedi topar Aziýanyň kubogynyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazanar.
Ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogynyň final tapgyry 2027-nji ýylyň 24-nji martyndan 10-njy apreline çenli Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler.