Turkmenportal logo
Şu gün 11:34
1107411074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jokowiç 20 ýyldan soň ilkinji gezek «Uly tuwulga» ýaryşynyň birinji tapgyrynda ýeňildi

Nowak Jokowiç ABŞ-nyň açyk tennis çempionatynyň (US Open) birinji tapgyrynda ýeňlişe sezewar boldy. Ol ATP sanawynda 49-njy orunda duran argentinaly Mariano Nawoneden ýeňildi. Nýu-Ýorkuň gaty örtükli kortlarynda geçirilen duşuşyk Nawoneniň peýdasyna 7:6 (7:5), 5:7, 4:6, 6:2, 6:1 hasabynda tamamlandy we oýun 4 sagat 40 minut dowam etdi.

39 ýaşly Jokowiç ýaryşda 4-nji belgide saýlanyp çykyş etdi, ol 10 eýsi ýerine ýetirdi we 10 gezek goşa ýalňyşlyk goýberdi. Ol 12 breýk-poýntyň 4-sinden peýdalandy. 25 ýaşly Nawone bolsa 9 eýs geçirip, 8 goşa ýalňyşlyk goýberdi hem-de 17 breýk-poýntyň 6-syny amala aşyrdy.

Duşuşygyň dowamynda serb tennisçisi saglyk kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Jokowiçiň birnäçe gezek ýüregi bulanyp, lukmanlaryň kömegine mätäç boldy. Tennisçi fiziki taýdan özüni erbet duýdy we duşuşygyň ahyrynda agyrylara garamazdan oýnamagyny dowam etdirdi. Soňky iki set onuň üçin şowsuz geçdi — ol bu setleriň dowamynda bary-ýogy üç geýmde ýeňiş gazandy.

Bu Jokowiçiň soňky 20 ýylda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň birinji tapgyrynda ilkinji ýeňlişidir. Şeýle ýagdaý iň soňky gezek 2006-njy ýylda «Australian Open» ýaryşynyň ilkinji tapgyrynda bolupdy. Şeýle hem serb tennisçisi 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä reýtinginiň ilkinji onlugyndan çykyp galar. Nawone 2006-njy ýyldaky «Australian Open» ýaryşynda Pol Goldşteýnden soň «Uly tuwulga» ýaryşynyň birinji tapgyrynda Jokowiçi ýeňen ilkinji tennisçi boldy.

Duşuşykdan soň Jokowiç çykyşyna teswir berip, duşuşygyň tas bütin dowamynda diýen ýaly fiziki taýdan özüni agyr ýagdaýda duýandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol janköýerleriň goldawyna ýokary baha berdi.

US Open ýaryşynyň indiki tapgyrynda Nawone italiýaly Matteo Berrettini bilen şweýsariýaly Stan Wawrinkanyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen duşuşar.