Hytaýyň Haýnan adasynyň häkimiýetleri dynç alýanlar üçin resmi duýduryş çykardy. Onda syýahatçylardan maýmynlar bilen gapma-garşylyga gitmezlik berk haýyş edilýär. Bu barada adanyň Syýahatçylyk, medeniýet, sport we telewideniýe boýunça edarasynyň haýyşnamasyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
Şeýle hem syýahatçylardan tropiki tokaýlaryň jümmişine gitmekden gaça durmak maslahat berildi, sebäbi hut şol ýerlerde ýabany haýwanlar bilen duşuşmak töwekgelçiligi ýokary.
Ýerli häkimiýetler Haýnanyň dynç alýanlar üçin howpsuz ugurdygyny ynandyrdylar. Häzirki güne çenli adada daşary ýurtly syýahatçylaryň ýeke gezek hem ýabany haýwanlar bilen bagly howply ýagdaýa düşendigi hasaba alynmandyr.