Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonje bilen geçiren duşuşygynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda bilim ulgamynda iki ýurduň arasynda şu wagta çenli 20-ä golaý ylalaşygyň we Ähtnamanyň baglaşylandygy, sentýabr aýynda Seulda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde täze resminamalaryň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda koreý diliniň ýurtda öwredilişine aýratyn üns berildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndaky Patyşa Sejong adyndaky okuw merkezi hem-de Innowasiýa we maglumat merkezindäki Maglumat elýeterliligi merkezi bilen bagly gazanylan halkara üstünlikler bilim ulgamyndaky türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeliligini görkezýär.
Iýul aýynda institutyň 6 talyby Kangwon milli uniwersitetinde, onuň 8 talyby bolsa Aşgabatda tomusky tejribelik okuwlaryny geçdiler. Täze okuw ýyly üçin türkmen talyplarynyň ýene-de 3-si şol uniwersitete bir ýyllyk okuwa ugradyldy.
Geljekde koreý dili mugallymlaryny çekmek, halkara olimpiadalara bilelikde taýýarlyk görmek, ylmy makalalary çap etmek, sanly bilim boýunça pikir alyşmak hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek meýilleşdirilýär.