Türkiýäniň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji täze wezipesinde işe başlamagy mynasybetli ýurduň ýaşaýjylaryna we türkmen dostlaryna ýüzlenmesini paýlaşdy. Ýüzlenme Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky sahypasynda çap edildi.
Jebeji Aşgabatda işe başlamagyny özi üçin uly mertebe diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, Türkiýe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny goldan ilkinji döwlet we bu ýerde öz ilçihanasyny açan ilkinji ýurt boldy.
Ilçi özara hormat goýmak we umumy bähbitler esasynda köp ýyllaryň dowamynda kemala gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň «Iki döwlet — bir millet» ýörelgesi çäginde strategik derejä çykandygyny nygtady. Ol şeýle hem Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirjekdigini mälim etdi.
Jebeji ozal Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň düzüminde Merkezi Aziýa ugry boýunça işländigini aýdyp, ýurtlaryň arasyndaky arabaglanyşyklary mundan beýläk-de berkitmegi özüniň baş wezipesi diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, taraplar syýasy, ykdysady, söwda, medeni we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar.
Ilçiniň ýüzlenmesinde ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Jebeji türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň iri infrastruktura, senagat we ulag taslamalaryna gatnaşýandygyny belläp, muny türkmen tarapynyň türk biznesine bolan ynamynyň subutnamasy diýip atlandyrdy. Ol türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ösüşine goldaw bermegi dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.