Turkmenportal logo
Şu gün 10:18
77507750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Norwegiýanyň täze Patyşasy millete ýüzlendi
Surat: ria.ru

Norwegiýanyň täze Patyşasy Hokon VIII kakasy Harald V geçen annada 90 ýaşynda aradan çykandan soňra millete ýüzlendi hem-de norweglere goldaw berendikleri üçin hoşallyk bildirdi.

«Şeýle köp adamyň özümiz bilen bilelikde matam tutýandygy bize ruhy teselli hem-de hemaýat berýär. Köşgüň öňündäki meýdançanyň adamlardan, güllerden, şemlerdir doga-dileglerden dolýandygyny görmek biziň üçin örän tolgundyryjydyr. Köp sag boluň!» diýen täze Patyşa Hokonyň sözlerini «NRK» teleýaýlymy eşitdirdi.

Hokon öz çykyşynda Haralda halkyna eden hyzmaty üçin minnetdarlyk bildirdi we ejesi, Patyşa aýal Sonýany merhum kakasy bilen nika toýunyň 58 ýyllygy bilen gutlady. Hokon 1-nji sentýabrda Parlamentiň öňünde kasam kabul eder.