ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Montkler diýen ýerinde 40 müň funt piwoly, ýagny 50 müň bankaly piwo daşaýan ýük ulagy alnyp gaçyldy. «Pabst Blue Ribbon» önümçilikçi kärhanasy sosial torlarda ogryny emlägi yzyna gaýtaryp bermäge çagyrdy diýip, «ABC News» teleýaýlymyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Kompaniýanyň habarynda kärhana ogrulardan ýük ulagyny ýüki bilen 18 günde yzyna gaýtaryp getirmeu talap edýär. Olar eger bu talap görkezilen möhletde ýerine ýetirilse, hukuk goraýjylara ýüz tutmajakdyklaryny söz berýärler. Kärhananyň wekilleri şeýle hem ogurlanan emlägi gözlemekde ýardam edenleriň sylaglanyljakdygyny aýdýarlar.