Nepal güýçli sil joşmalardan çeken ýitgilerini hasaplaýar. Ýurdy dikeltmek üçin azyndan 4-5 milliard dollar gerek. Bu barada maliýe ministri Swarnim Wagle «Reuters» agentligine habar berdi.
Ministriň sözlerine görä, adamlary ötüklerden halas etmek, daşamak, anyklamak hem-de jesetleri saklamak üçin daşary ýurt kömegi gerek. Ýurtdaky morglaryň köpüsi eýýäm doldy. Pidalaryň sany-da köpelmegini dowam edýär. Häzirki wagtda olaryň sany 600-den geçdi. Galyberse-de, 2,5 müň töweregi adam henizem dereksiz ýiten hasaplanýar.
Sil joşgunlary infrastruktura güýçli zyýan ýetirdi: mekdepler, hassahanalar, suw elektrik beketleri, ýollar we köprüler hatardan çykdy. Bu barada «news.by» ýazýar.
Nepalyň Hökümeti 30-njy awgustda ýurtda täze sil joşgunynyň döremek töwekgelligi barada duýdurdy. Bu barada Associated Press (AP) agentligi habar berdi.