Turkmenportal logo
Şu gün 10:01
89478947
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda AFK-nyň futbol dolandyryşy boýunça okuw maksatnamasy tamamlandy

Aşgabatda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) futbol administrasiýasy we dolandyryşy boýunça gibrid okuw maksatnamasyny (ACFAM) tamamlan uçurymlara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada AFK-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň futbol federasiýasy (TFF) bilen bilelikde geçirilen okuw maksatnamasy alty aý dowam etdi. Onuň çäklerinde TFF-nyň, futbol klublarynyň we ýurtdaky beýleki gyzyklanma bildirýän düzümleriň 25 wekili — menejerler we administratorlar degişli diplomlara eýe boldylar.

Okuwlar onlaýn sapaklarynyň ýüzbe-ýüz geçirilýän okuwlar bilen utgaşdyrylan garyşyk görnüşde geçirildi. Maksatnama girdeji gazanmak, klublary ygtyýarlandyrmak, kontent döretmek, maliýe we strategik dolandyryş, liderlik ýörelgeleri, çagalary goramak, şeýle hem futbol ulgamynda dolandyryş meseleleri ýaly ugurlary öz içine alýan 12 moduldan ybarat boldy. Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar amaly sapaklara, toparlaýyn işlere we dürli ýagdaýlaryň seljermesine gatnaşdylar. Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde futbol infrastrukturasyna we oýun meýdançalaryna ideg etmek meselelerine bagyşlanyp, myhmanlar tarapyndan leksiýalar geçirildi.

AFK-nyň agza assosiasiýalar bilen işleşmek boýunça baş sekretarynyň orunbasary Wahid Kardanynyň bellemegine görä, Türkmenistanda ACFAM maksatnamasynyň tamamlanmagy konfederasiýanyň agza ýurtlarda futbol dolandyryşyny olaryň aýratynlyklaryny nazara almak bilen ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.

Aziýanyň futbol konfederasiýasynda maksatnamanyň guralmagyna ýardam berendigi üçin Türkmenistanyň futbol federasiýasyna minnetdarlyk bildirdi. Mundan ozal şuňa meňzeş maksatnamalar Gyrgyz Respublikasynda we Indoneziýada hem durmuşa geçirilipdi.