Geçen 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Ýer ýüzünde milliarderleriň sany rekord derejedäki 3795 adama deň boldy, olaryň jemi emlägi-de 15,1 trillion dollara çenli artdy. Bu barada «Altrata» seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna salgylanýan «Belta.by» agentligi habar berdi.
Bir ýylda milliarderleriň sany 8,2 göterim artdy, bu bolsa, soňky bäş ýylda iň ýokary görkezijidir. Onýyllykda olaryň sany 60 göterime golaý köpeldi. «Altratanyň» maglumatlaryna görä, adamlaryň baýlyklarynyň artmagyny köp halatda emeli aňa maýa goýumlary üpjün etdi.
Häzirki wagtda milliarderiň ortaça emlägi 4 milliard dollar töweregidir. Aňrybaş baý milliarderleriň hataryna bilermenler 29 adamy degişli edýärler, olaryň her biriniň emlägi 50 milliard dollardan geçýär.