Turkmenportal logo
Şu gün 11:06
2864328643
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Güýzüň ilkinji günleri: howa az-kem salkynlar, ýagyş ýagar 

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa tomsuň soňky hepdesine görä az-kem salkynlar hem-de ýagyşly bolar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 11 — 13 metrden 15 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +20 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +31 gradus maýyldan +36... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 14 — 19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +18 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.