Turkmenportal logo
Şu gün 09:45
72607260
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zaha Hadid Architects» Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek CIET 2026 forumyna gatnaşar

Dünýäde giňden tanalýan britan binagärlik býurosy «Zaha Hadid Architects» (ZHA) 3–5-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly Halkara maslahatyny we sergisine (CIET 2026) gatnaşar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ZHA-nyň direktory Manuela Gatto häzirki zaman binagärligi, durnukly taslamaçylyk, şähergurluşyk ösüşi we çylşyrymly infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara tejribesi barada çykyş eder.

ZHA üçin CIET 2026 forumyna gatnaşmak Türkmenistanyň binagärlik pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň dowamydyr. Ýatladyp geçsek, şu ýyl ZHA-nyň wekilleri eýýäm «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV Halkara sergä we maslahata gatnaşdylar.

«Zaha Hadid Architects» kompaniýasy Pritskerowskiý baýragynyň eýesi Zaha Hadid tarapyndan esaslandyryldy. Býuronyň taslamalarynyň hatarynda Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada durmuşa geçirilen iri desgalar bar. Olaryň arasynda Birleşen Arap Emirliklerindäki «The Opus» köpugurly toplumy we BEEAH kompaniýasynyň baş edarasy, Saud Arabystanyndaky Patyşa Abdallah adyndaky Ylmy-barlag merkezi we «King Abdullah Financial District» metro bekedi, şeýle hem Täze Daşkentdäki Alişer Nowaýy adyndaky Halkara ylmy-barlag merkezi bar.