Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekillerine pagta ýagy, bugdaý uny, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah mata, pagta süýümi, çig ýüpek ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 8 million 212 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.