Türkmenistanyň futbol emini Kristina Bersenýowa AFK-nyň zenanlar Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň Daşkentde geçirilen duşuşyklarynda üstünlikli eminlik etdi. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasy habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Bersenýowa ýaryşyň «C» toparçasyndaky duşuşyklara emin hökmünde gatnaşdy.
17-nji awgustda Kristina ýaryşyň birinji tapgyrynyň Özbegistanyň «Pahtakor» topary bilen Laosyň «Ýang Elefants» klubynyň arasyndaky duşuşygynda ikinji kömekçi emin bolup işledi.
23-nji awgustda bolsa emin üçünji tapgyryň «Ýang Elefants» bilen Butanyň «Royal Thimphu Kollej FK» toparynyň arasyndaky duşuşygynda birinji kömekçi emin hökmünde meýdança çykdy.
Kristina Bersenýowa — Türkmenistanyň futbol çempionatynyň taryhynda ilkinji zenan emindir. Ol halkara duşuşyklaryna yzygiderli eminlik edýär we AFK-nyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edýär.