Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurduň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahat boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Maslahata gatnaşyjylar ilki Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler, şol sanda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň guramaçylygy bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň gün tertibiniň özenini düzdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli göz öňünde tutulýan çärelerde milli gymmatlyklary özünde jemleýän toý dessurlaryny ýaýbaňlandyrmagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Şunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan gurulmagy göz öňünde tutulýan ak öýlerde, olaryň daş-töwereklerinde halkyň toý dessurlary görkeziler.
Çykyşlarda atçylyk toplumynda geçiriljek medeni çäreleri, şol sanda türkmen milli toý dessurlary bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, olary giňden wagyz etmegiň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mynasyp beýan etmegiň medeniýet toplumynyň işgärleriniň paýyna düşýändigi bellenildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, sentýabr aýynyň başynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça dünýä çempionaty geçiriler.