Ýaponiýa türkmen hünärmenleri üçin emeli aň ulgamynda onlaýn okuwlary guramagy, şeýle hem Türkmenistanda maglumat merkezleriniň döredilmegine ýardam bermegi meýilleşdirýär. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça baş direktory Toşihiro Kitamura Aşgabatda žurnalistler üçin geçirilen brifingde aýtdy.
«Has anyk aýdylanda, Ýaponiýada, Tokio uniwersitetinde hut emeli aň bilen meşgullanýan belli professoryň barlaghanasy bar. Biz bu ugurda onlaýn okuwlary geçirmegi, şeýle hem Türkmenistanda maglumat merkezlerini döretmegi meýilleşdirýäris» — diýip, ol belledi.
Onuň sözlerine görä, emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dialogyň çäklerinde alnyp barylýar. Geçen ýylyň dekabrynda sebit ýurtlary bilen Tokio degişli başlangyjy kabul edipdi. Kitamuranyň bellemegine görä, emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmekde ABŞ we Hytaý ep-esli öňe saýlandy. Ýaponiýa ykdysadyýeti ösdürmekde emeli aňdan peýdalanmagy möhüm hasaplaýar. Şol bir wagtyň özünde, Tokio ynanyp boljak we ygtybarly maglumatlar bilen işleýän tehnologiýalaryň döredilmeginiň tarapdarydyr.
«Ýaponiýa emeli aňdan peýdalanmak boýunça umumy halkara kadalarynyň döredilmelidigine pugta ynanýar» — diýip, Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekili nygtady.
Ol Tokionyň Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygy türkmen tarapynyň zerurlyklaryndan ugur alyp ýola goýýandygyny hem belledi. Hususan-da, onuň aýtmagyna görä, ýapon tarapy Aşgabadyň tebigy baýlyklary gözlemekde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak bilen gyzyklanýandygy barada maglumatlara eýedir we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.
Maglumat merkezleriniň döredilmegi meselesi barada aýdylanda bolsa, Kitamura Ýaponiýanyň hususy kompaniýalarynyň bu taslama gyzyklanma bildirýändigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, geljekde olar türkmen kompaniýalarynyň arasyndan hyzmatdaşlary gözlär ýa-da Türkmenistanyň hökümeti bilen gönümel hyzmatdaşlyk eder.