Turkmenportal logo
31.08.2026
99269926
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maslahatlaşyldy

Abu-Dabide geçirilen «ADIHEX» halkara aw we atçylyk sporty sergisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow bilen BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň baş direktory Mohammed Ahmed Al Harbiniziň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, emirlik tarapy jemgyýetiň wekiliýetiniň 5 — 7-nji awgust aralygynda Türkmenistana amala aşyran saparyna ýokary baha berip, geçirilen duşuşyklaryň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Myhmanlarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy, şeýle hem Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde döredilen şertler aýratyn täsir galdyrdy.

Türkmen diplomaty söhbetdeşine 4 — 6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki Peelbergen atçylyk merkezinde ilkinji gezek geçiriljek ahalteke atlarynyň çempionaty barada maglumat berdi. Bu çäre halkara köpçüligine niýetlenen bolup, daşary ýurtlarda ahalteke tohumyny giňden ýaýratmaga we onuň meşhurlygyny artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.