Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Motegini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Toşimitsu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanyna hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň hormatly Prezidente hem-de Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Şeýle hem Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen ýertitremesi zerarly iberen gynanç haty üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutany ýurtlaryň diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bu gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetine uly orun degişlidir.
Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenistanyň «Itochu Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandygyny, bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda iri senagat desgalarynyň gurlandygyny belläp, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýapon kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň medeniýet ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň, sergileriň we beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Motegi netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýle-de, ozal habar berşimiz ýaly, Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027 –2029-njy ýyllarda Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.