Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekilleriň duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklaryň ösmegine ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli duşuşyklaryň esasy itergi berýändigi aýratyn bellenildi. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň önjeýli netijesi barada bellenilip geçildi.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdiler. Türkmenistanyň durnukly Bitaraplyk daşary syýasy ugruna goldaw berýändigi üçin ýapon tarapyna sagbolsun aýdyldy.
Taraplar halkara guramalarynyň, aýratyn-da BMG-niň çäklerinde işleri utgaşdyrmagyň netijeliligini tassykladylar. Şeýle hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň önjeýli wezipesi bellenildi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaz-himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň hatarynda öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň agzaldy.
Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara Ýaponiýa tarapynyň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Şu sebäpli Türkmenistanda senagat toplumalarynyň gurluşygyna birnäçe ýapon kompaniýalarynyň, şol sanda «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly kompaniýalaryň üstünlikli gatnaşandygy bellenildi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar şu ýyl Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlesine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny, aýratyn-da bilim ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri gözden geçirdiler.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027 — 2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.