Turkmenportal logo
29.08.2026
1044810448
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasy Harald V aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII onuň alyjenaby Norwegiýanyň Patyşasy Harald V aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Patyşa Harald V çuňňur paýhas we jogapkärçilik bilen köp ýyllaryň dowamynda Norwegiýanyň yzygiderli ösüşi we onuň halkynyň agzybirliginiň berkidilmegi ugrunda zähmet çekdi» diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII maşgala agzalaryna we Norwegiýanyň halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.