Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesiniň ýanynda täze şäheriň «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Taýçanak» binasynyň «Polatly» binasyna çenli aralykda ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar, şekiller bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu şekil taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow maglumat berip, işleriň alnyp barlyşy, ulanylmagy göz öňünde tutulýan dürli gurluşyk, bezeg serişdeleri we beýlekiler barada aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýol boýunça gurluşygyň depginini gowşatmaly däldigini belläp, ýoluň ýokary hilini üpjün etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem ýoluň ugrunda döredilýän bagy-bossanlyga-da aýratyn üns berilmelidigini hem-de onuň gyralarynda atlaryň heýkelleriniň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde oturdylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.