Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadaga täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklarynyň çäklerinde taslamalary amala aşyrylýan çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary, çyzgylary görkezildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şekil taslamalary we olara degişli olar boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýere düşeljek we diwarlara goýuljak mermer bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şekil taslamalary berlen maglumatlar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de käbir düzedişlerini girizip, degişli maslahatlaryny berdi. Şeýle hem çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň milli aýratynlyklar esasynda degişli bezegler bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.