Turkmenportal logo
29.08.2026
2250622506
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dynç günlerindäki futbol oýunlary — «Real», «Atletiko» we «Liwerpul» «Belet» platformasynda

«Belet» striming platformasynda futbol janköýerlerine baý ýaýlymlar maksatnamasy garaşýar. Tomaşaçylaryň dykgatyna Ýewropanyň öňdebaryjy ligalaryndaky birnäçe gyzykly duşuşyklar hödürlener.

Dynç günleriniň esasy duşuşygy La Liganyň çäginde geçiriler: 30-njy awgustda sagat 20:00-da Madridiň «Realy» öz meýdançasynda «Malagany» kabul eder. «Sewilýa» bilen Madridiň «Atletikosynyň» arasyndaky duşuşyk hem uly gyzyklanma döredýär. Bu oýun 30-njy awgusta geçilýän gije sagat 00:30-da geçiriler. Ispaniýanyň çempionatynyň ýene bir duşuşygynda 1-nji sentýabrda sagat 00:30-da «Barselona» «Raýo Walekano» bilen oýnar.

Angliýanyň Premýer-ligasynda tomaşaçylara «Liwerpul» — «Nottingem Forest» (29-njy awgustda, 16:30-da), «Tottenhem Hotspur» — «Nýukasl Ýunaýted» (29-njy awgustda, 21:30-da), «Çelsi» — «Braýton end Houw Albion» (30-njy awgustda, 18:00-da), «Mançester Ýunaýted» — «Ipswiç Taun» (30-njy awgustda, 20:30-da) duşuşyklary, şeýle hem «Aston Willa» bilen «Arsenalyň» arasyndaky duşuşyk (1-nji sentýabrda, 00:00-da) garaşýar.

Italiýanyň Seriýa A ligasynda «Ýuwentus» — «Parma» (29-njy awgustda, 23:45-de), «Napoli» — «Komo» (30-njy awgustda, 21:30-da) we «Kagliari» — «Inter» (30-njy awgustda, 23:45-de) duşuşyklary aýratyn gyzyklanma döredýär.

Bundesligada bolsa RB «Leýpsig» — «Borussiýa Mýunhengladbah» (29-njy awgustda, 18:30-da) hem-de «Borussiýa Dortmund» — «Gamburg» (29-njy awgustda, 21:30-da) duşuşyklary geçiriler.

Mundan başga-da, Fransiýanyň Liga 1 çempionatynyň «Lion» — «Gawр» (29-njy awgustda, 23:45-de) we «Monako» — «Marsel» (30-njy awgustda, 23:45-de) duşuşyklaryna; Türkiýäniň Superligasynyň «Galatasaraý» — «Göztepe» (29-njy awgustda, 23:30-da) we «Samsunspor» — «Fenerbahçe» (30-njy awgustda, 23:30-da) oýunlaryna; Russiýanyň çempionatynyň «Krasnodar» — «Rostow» (29-njy awgustda, 19:30-da) duşuşygyna, şeýle hem Niderlandlaryň Erediwizi ligasynyň «Utreht» — PSW klublarynyň arasyndaky (30-njy awgustda, 15:15-de) duşuşygyna tomaşa edip bilersiňiz.

Ýokarda görkezilen ähli duşuşyklar «Belet» platformasynda tomaşa etmek üçin elýeterli bolar.