«Telwas» kowerkingi telekeçiler, frilanserler (erkin iş alyp barýanlar), döredijilik birleşikleri we ýaşlar üçin niýetlenen köpugurly ekoulgam hökmünde özüni tanatdy. Ol bir üçegiň astynda iş ýerlerini, mentorlyk maksatnamalaryny we baý çäreler toplumyny birleşdirýär. Bu taslama şäher işewürliginiň diňe adaty ofisi kärendesine almak bilen çäklenmeýän, eýsem çeýe we köpugurly meýdançalara bolan barha artýan islegine jogap berýär.
«Telwas» açylan gününden bäri dürli ýaşdaky we dürli hünär ugurlaryndaky maksada okgunly adamlar üçin özüne çekiji merkeze öwrüldi. Bu ýere täze döredilýän startap işewürliklerinden başlap, eýýäm işini ýola goýan döredijilik jemgyýetlerine çenli dürli taslamalar ýygnanýar. Merkez taslamalara ösüşiň ähli tapgyrlarynda — ilkinji pikirden başlap, telekeçiligi giňeltmeklige çenli — goldaw berýär. Başlangyç telekeçileri goldamagyň esasy gurallarynyň biri «Açyk penjire» taslamasydyr. Onuň çäklerinde startap işewürlikleri mugt maslahat we mentorlyk goldawyny alyp, şeýle hem öz pikirlerini «Startup Showcase» çäresinde tanyşdyryp bilýärler.

«Telwas» merkeziniň çäreler we bilim maksatnamasy iki esasy ugry öz içine alýar. Işewürlik ugry hünär taýdan ösüşe gönükdirilen işewür duşuşyklaryny, tegelek stollary, taslamalaryň tanyşdyrylyşlaryny, okuw-türgenleşiklerini we prezentasiýalary öz içine alýar. Durmuş-medeni ugurda bolsa döredijilik we şygyr agşamlary, ekologik başlangyçlar, ussatlyk sapaklary we aň-bilim çäreleriniň tapgyrlary geçirilýär. Bu çäreler ýaşyna ýa-da işiniň ugruna garamazdan giň köpçülige niýetlenendir.
Merkeziň infrastrukturasynyň gurluşy dürli iş şertlerine laýyklykda meýilleşdirilipdir. Açyk «open space» zolaklary toparlaýyn işlemek we okuw-türgenleşikleri geçirmek üçin niýetlenen bolsa, şahsy kabinalar ünsüň jemlenmegini talap edýän işler üçin niýetlenendir. Maslahatlar zaly tanyşdyrylyşlar, işewür duşuşyklar we wideomaslahatlar üçin ulanylýar. Ýaşyl zolak we dynç alyş meýdançasy bolsa iş aralygynda biraz säginip, dynç almaga mümkinçilik berýär. Merkeziň çäginde içgiler we ýeňil nygmatlar hödürlenýän bar hem-de şahsy goş-golamlary saklamak üçin ýörite gutular göz öňünde tutulandyr.

Merkeziň wekilleriniň sözlerine görä, «Telwas» öz wezipesini diňe iş ýerlerini hödürlemek bilen çäklendirmeýär. Merkez şäher jemgyýetleriniň ösüşine täsir edip biljek, ähli adamlar üçin açyk, döredijilikli we goldaw beriji gurşawy döretmegi hem maksat edinýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, şeýle görnüşdäki meýdança şäheriň işjeň ýaşaýjylaryny birleşdirmäge we işewürligiň hem-de jemgyýetiň özara sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
salgy: Gurtly ýaşaýyş toplumy, 110-njy jaý;
elektron poçta: telwaswork@gmail.com;
telefon (+993 12) 97 07 90;