Türkmenistanda demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrylar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň ýurduň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň milli demir ýol ulagy pudagyny ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.