Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.
Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutany Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak ýokary diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwlet bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýar. Ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklar, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagynyň ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine täze itergi berendigini nygtady.
Döwlet Baştutany ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkiýäniň ýurduň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topara we işewürlik geňeşine uly orun degişlidir.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda medeniýet, ylym, sungat, döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti diplomatyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.
Şener Jebeji bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, diplomatik wezipesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkiýe bilen Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.