Turkmenportal logo
Düýn 23:57
78017801
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça resminama gol çekildi

Türkmenistanly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Energetika ministrligine «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek bellenildi.