Turkmenportal logo
Düýn 23:53
76087608
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda umumy sapak geçiriler

2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde ýurduň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapagy geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany baýramçylyk mynasybetli ýolbaşçylaryň her biriniň jogap berýän ýokary okuw mekdepleri boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini aýtdy.

«Biz geljekde-de bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.