Turkmenportal logo
Düýn 23:34
26562656
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanda birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berler

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.  

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bilimler güni Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagyny, Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk iki sany orta mekdebi dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.