Turkmenportal logo
Düýn 23:15
24472447
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sentýabrda «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda şu ýylyň sentýabr aýynda yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek dabaralarynyň ýokary derejede geçiriljekdigi bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, geljek aýda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň, «Ýaňlan, Diýarym» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.  

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.