Turkmenportal logo
Düýn 22:53
23282328
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmäge ak pata berildi

Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanda bugdaý ekişine girişiler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Hususan-da, sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer T.Atahallyýew welaýatlarda 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatyny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanyndan haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Döwlet Baştutany ýurduň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.