Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy sentýabrdan pagta ýygymyna girişmäge ak pata berdi. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Hususan-da pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalary, şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer T.Atahallyýew welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnap almak hem-de pagta ýygymy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatyny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna gatnaşmagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanyndan haýyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 9-njy sentýabrda sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Döwlet Baştutany ýurduň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.