Turkmenportal logo
Düýn 22:25
23152315
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky 111-nji mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda onuň kiçi düzümdäki bölüminde GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol döwletleriň çäklerinde halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasyny hem-de ykdysady geňeşiň indiki mejlisini geçirmek bilen bagly ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Giňişleýin düzümdäki bölümde döwletara standartlaşdyrmak, meteorologiýa we sertifikatlaşdyrmak, geňeşiň 2023 – 2026-njy ýyllardaky işi hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin ähmiýetli bolan serişdeleri ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň konsepsiýasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamalarynyň taslamalary bilen bagly meselelere garamak göz öňünde tutulýar.   

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek boýunça gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.