Turkmenportal logo
Düýn 19:53
24192419
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasynda maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynda maslahat geçirildi. Bu çäre 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl - Halkara hukugyň ýyly» atly Kararnama bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Çärä Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçylyk palatasynyň deputaty, Respublikan Türkmen medeni merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewa, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda zähmet çekýän, bilim alýan türkmenistanlylar we ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky hem-de milli ösüşiň strategik ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekdäki möhüm orny nygtaldy.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň halkara ýyly diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjy barada aýratyn durup geçdiler.

Çäräniň ahyrynda medeni maksatnama geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň milli saz guraly bolan dutarda saz eserleri ýerine ýetirildi diýlip, habarda bellenilýär.