Turkmenportal logo
Düýn 16:44
59345934
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saud Arabystanynyň günbatarynda iki şäheri çabga gark etdi
Surat: lenta.ru

Saud Arabystanynyň günbatarynda ýagan güýçli ýagyş Mekge we Et-Taifa şäherleriniň köçelerini gark etdi. Bu barada «Rent TW» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär. Suw akymlary awtoulag ýollarynda hereketi bozup, ägirt uly dyknyşyklary döretdi.

Ýerli häkimiýetler howa howplulygynyň «gyzyl» derejesini yglan etdiler. Tebigy hadysanyň netijelerine garşy göreşmek üçin Mekgede we Et-Taifada ýörite toparlar we tehnikalar işe girizildi. Jemagat hojalygy gullugynyň işgärleri suwy sorup alýarlar, lagym ulgamlaryny arassalaýarlar.

Ýaşaýjylara gark bolan ýerlerden we gatlalaryň golaýyndan gaça durmak maslahat berildi, ejir çekenler barada maglumat ýok diýlip, habarda bellenýär.