2026-njy ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 780 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň ýedi aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 779,4 million amerikan dollaryna deň boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,9 göterim ýa-da 107 million amerikan dollary möçberinde köpdür.
Hasabat döwründe özbek bazaryna 657,5 million amerikan dollarlyk türkmen harytlary eksport edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurduň importynda 6-njy orny eýeledi.
Öz gezeginde, Özbegistanyň türkmen bazaryna eksporty 121,9 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Umumylykda bolsa Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 9-njy basgançaga ornaşdy.
Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 8,1 göterim ýokarlanyp, 49,5 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şonuň 19,9 göterimi ýurduň eksportynyň, 29,6 göterimi bolsa importynyň paýyna düşýär.