Turkmenportal logo
Düýn 15:32
1143811438
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaş mugallymy iň gowy ekologik taslama bäsleşiginde I orna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we ekologiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-alymy Oguldurdy Baýramowa 10–15-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Şährisabz şäherinde geçirilen «Ýaşlar – geljegi gurujylardyr» atly V Halkara ekologik kongresinde Türkmenistana wekilçilik etdi.

Foruma daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ýaş nesliň ekologik terbiýesi ýaly möhüm meseleler esasy tema boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Kongresiň çäklerinde «Iň gowy halkara ekologik taslama» atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylara öz innowasion işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge we tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.

Şol bäsleşikde Oguldurdy Baýramowa «Iň gowy halkara ekologik taslama» ugry boýunça I orny eýeledi.

Foruma Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň wekillerinden ybarat 1000-e golaý wekil gatnaşdy.