Şweýsariýanyň Lýusern kommunasynyň 81 ýaşly ýaşaýjysy, pensioner Hanspeter Bek agramy 20 kilogram bolan «Buýra kürk towuk» (Krause Gluck) atly iýilýän kömelek tapdy. Bu barada «20min.ch» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Öňki poliseý neşire kömelegi Marbah şäheriniň gyrasyndaky tokaýdan tapandygyny gürrüň berdi. Öýüne baryp terezide çekende, onuň agramy 20 kilogram töweregi bolup çykdy. Hanspeter aýaly bilen kömelegi ýerli restorana eltdi, olara mugt günortanlyk naharyny teklip etdiler.
Kömelekler boýunça bilermen Markus Flýuk «Buýra kürk towuk» kömeleginiň tagamy babatda ak kömeleklerden süýjüdigini, naharhanalarda bir kilogramynyň 15 franka durýandygyny gürrüň berdi.
Pensioner şol gün tokaýa gezelenje çykandygyny, gurak howa bolansoň, kömelek taparyn diýip pikir hem etmändigini, garaşman durka üstünden barandygyny aýdýar. Ol bu ajaýyp kömelegi köýnegine dolap öýüne alyp gaýdypdyr. «Ýüküm agyrdy, emma ýakymlydy» diýip, pensioner nygtady.