Turkmenportal logo
Düýn 14:30
91589158
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belet» onlaýn kinoteatry seslendirmek boýunça studiýalaryň arasynda bäsleşik yglan edýär

«Belet» onlaýn kinoteatry öň yglan edilen bäsleşigiň netijelerini jemledi. Onda tomaşaçylara haýsy multfilmi türkmen diline seslendirmek isleýändiklerini saýlamak teklip edilipdi. Ses berlişigiň netijelerine görä, iň köp ses «Erbet men» multfilminiň ilkinji bölümine berildi. Şeýlelikde, tomaşaçylar bu multfilmi türkmen dilinde görmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça «Belet» täze tapgyra — filmleri we multfilmleri ussatlar derejesinde seslendirmek bilen meşgullanýan studiýalaryň arasynda bäsleşige badalga berýär. Bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren seslendiriş studiýalary öz tekliplerini Beletjantech@gmail.com elektron poçta salgysyna iberip bilerler.

Arzada studiýanyň ady we täjirçilik teklibi görkezilmelidir. Arzalar 14-nji sentýabra çenli kabul ediler.