Panama kanalynyň edarasy guraklyk möwsüminiň möhletinden öň gelmegi bilen baglylykda, ýük gatnawlaryny azaltmak barada karara geldi. Adatça, bu suw ugry boýunça gije-gündizde 36-38 gämi gatnaýan bolsa, indi birnäçe aýyň dowamynda 32 ýa-da ondan hem az gämi goýberiler.
Panama kanaly planetadaky ýük daşalyşyň 5 göterimine hyzmat edýär, netijede, dünýä haryt dolanyşygy 1 göterim kemeler diýip, «news.by» ýazýar.
Hünärmenler bu kararyň harytlaryň haýsydyr bir toparlarynyň gytlygyna getirmejekdigini, emma olaryň nyrhlarynyň gymmatlamagynyň gutulgysyzdygyny, şunuň bilen birlikde, hümmetsizlenmäniň ählumumy derejede artjakdygyny belleýärler.