«Turkmenportal» internet neşiri öz redaksiýasyna žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär. Neşire köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (KHBS) iş tejribesi bolan, türkmen we rus dillerini gowy bilýän işgärler gerek.
Ýerine ýetirmeli işler:
wajyp habarlary gözlemek we yzarlamak;
täze habarlary ýazmak we press-relizler boýunça habar taýýarlamak;
materiallary sowatly, ýalňyşsyz we gysga wagtyň içinde taýýarlamak.
Dalaşgäre bildirilýän talaplar:
KHBS-de iş tejribesi (habarlary ýazmak, gaýtadan işlemek);
türkmen we rus dillerini erkin bilmek;
rus dilinde sowatly ýazmak;
habarlaryň gün tertibine düşünmek.
Şertler:
iş tertibi: duşenbe — anna günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli, şenbe güni sagat 9:00-dan 13:00-a çenli;
zähmet haky söhbetdeşligiň netijeleri boýunça bellenilýär.
Zähmet terjimehalyňyzy we iş üçin maglumatyňyzy «Wakansiýa: žurnalist» diýen bellik bilen info@turkmenportal.com elektron poçta salgysyna iberip bilersiňiz.