Turkmenportal logo
Düýn 10:28
49014901
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FT «towuk etiniň dünýäni eýeländigini» habar berdi
Surat: gazeta.ru

«Financial Times» (FT) gazetiniň ýazmagyna görä, dünýäde towuk etiniň önümçiligi soňky 20 ýylda tas iki esse artdy.

2023-nji ýylda dünýäde 2006-njy ýylda 48,3 milliard bolanlygyndan 76,2 mlrd towuk öndürildi. Ählumumy islegiň üçden bir bölegi Hytaýa hem-de ABŞ-a degişlidir.

Towuk etiniň XXI asyrda planetada iň köp sarp edilýän et görnüşi bolandygy aýdylýar. Bilermenler towuk etine islegiň ýene artjakdygyny çaklaýarlar. Guş etiniň üstünligi onuň arzan bahasy, iýmlemegiň elýeterliligi, önümçiligiň tizligi we doňuz ýa-da sygyr eti bilen deňeşdirilende, medeni ýa-da dini çäklendirmeleriň ýokdugy bilen düşündirilýär.