Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy her ýyl 14-nji sentýabrda bellenilýän Hindi diliniň milli güni (Hindi Dıwas) mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiklerine türkmenistanlylary gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşikler 10-njy sentýabrda ýüzbe-ýüz görnüşde üç ugur boýunça geçiriler: hindi dilinde çeper okaýyş bäsleşigi, hindi dilinde düzme ýazmak bäsleşigi we surat çekmek bäsleşigi.
Çeper okaýyş bäsleşigine hindi dilini öwrenýän we ulanýanlar gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar hindi dilindäki goşguny ýa-da onuň bir bölegini ýatdan öwrenip, labyzly we täsirli okamalydyrlar.
Düzme ýazmak bäsleşigi hem öz pikirlerini hindi dilinde erkin beýan edip bilýän gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Düzmäniň temasy bäsleşigiň geçiriljek gününde yglan ediler.
Surat çekmek bäsleşigine bolsa surat çekmegi halaýanlaryň hemmesi gatnaşyp biler. Işleriň temasy Hindistan we hindi dili bilen baglanyşykly islendik ugur bolup biler. Kagyz guramaçylar tarapyndan üpjün ediler, çotgalary we akwarel boýaglaryny bolsa gatnaşyjylar öz ýanlary bilen getirmelidirler.
Bäsleşiklere gatnaşmak üçin 8-nji sentýabra çenli deslapky hasaba alyşdan geçmek talap edilýär.
Bäsleşiklere gatnaşmak üçin +993 65 69 46 86 telefon belgisine jaň edip, hasaba alyşdan geçip bilersiňiz ýa-da int.ashgabat@mea.gov.in elektron poçta salgysy arkaly arza iberip bilersiňiz.