Turkmenportal logo
Düýn 08:35
71517151
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Paryzdepedäki iň soňky açyşlar barada täze kitap neşir edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Paryzdepe — müňýyllyklaryň mirasy» atly täze kitap neşir edildi. Kitabyň awtory Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alym-arheology Rejep Jommyýewdir. 

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen täze kitapda 2023-nji ýylyň güýz möwsüminde hem-de 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde geçirilen arheologik barlaglaryň netijeleri jemlenýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

2017-nji ýylyň güýzünden 2024-nji ýylyň ýazyna çenli geçirilen toplumlaýyn gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ilatly ýeriň esaslandyrylan döwründen başlap, ösüşiniň üç esasy tapgyry anyklaşdyryldy. Bu işleriň esasy maksady Paryzdepe ýadygärliginiň takyk senesini kesgitlemek hem-de onuň işleýşiniň esasy ugurlaryny aýdyňlaşdyrmakdan ybarat boldy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärligindäki taryhy wakalaryň yzygiderliligini kesgitlemek, şeýle hem içki galanyň medeni gatlaklarynyň stratigrafiýasynyň başlangyjyny anyklamak maksady bilen alymlar täze maglumatlary öňki arheologik ekspedisiýalaryň işleri bilen deňeşdirip, seljerme geçirdiler.

Neşir özara baglanyşykly dört bapdan ybarat. Birinji bapda Paryzdepäniň öwreniliş taryhy we onuň medeni gatlaklarynyň aýratynlyklary, şol sanda Änew medeniýetine degişli gatlaklar barada maglumat berilýär. Ikinji bap ilatyň önümçilik işlerine we ruhy medeniýetine bagyşlanyp, onda küýzegärçiligiň we mis önümçiliginiň ösüşi, şeýle hem jaýlama däpleri beýan edilýär. Üçünji bapda gadymy binagärçiligiň yzlary, şol sanda gurluşyk galyndylary we daşlaryň binagärlikde hem-de durmuşda ulanylyşy öwrenilýär. Dördünji bapda bolsa ýadygärligiň taryhy we onuň halkara derejesinde öwrenilişi baradaky maglumatlar ýerleşdirilendir.