Turkmenportal logo
Düýn 08:31
66406640
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
14 ýaşly türkmen tennisçisi «Roland Garros Junior Series» ýaryşynda iň güýçli alty türgeniň hataryna girdi

Türkmenistanyň 14 ýaşly tennisçisi Aly Geldiýew Almaty şäherindäki «Gorky Tennis Park» klubynyň kortlarynda geçirilen «Roland Garros Junior Series» ýaryşynyň sebit saýlama tapgyrynyň netijelerine görä, Günbatar we Merkezi Aziýanyň iň güýçli 16 ýetginjek tennisçisiniň arasynda altynjy orny eýeledi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Aziýanyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna iki ýollanma ugrunda Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Saud Arabystanyndan, Siriýadan, Türkmenistandan we Özbegistandan 16 ýaşa çenli 16 ýetginjek tennisçi bäsleşdi. 10-njy synpda okaýan, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Geldiýew bu derejedäki ýaryşda ilkinji gezek çykyş edip, ol garşydaşlarynyň köpüsinden ýaşy boýunça has kiçidi.

Toparçalaýyn tapgyrda ol birinji belgili gazagystanly tennisçi Rodion Traýgele taý-breýkde 3:6, 6:2, 5:10 hasabynda ýeňildi. Soňra özbegistanly Beksulton Woksidowy 7:6 (1), 6:0 we Don Son Kimi 6:0, 6:1 hasaplary bilen ýeňip, toparçada ikinji orny eýeledi we çärýek finala çykdy. Bu tapgyrda bolsa ýaryşyň geljekki ýeňijisi, eýranly Kiaraş Sadegizeýdi bilen 2:6, 5:7 hasabynda ýeňildi. 5–8-nji orunlar ugrundaky duşuşyklarda türkmen tennisçisi özbegistanly Hamidjon Mansurowdan 6:2, 6:3 hasabynda üstün çykdy, emma gazagystanly Dias Tulepbergenowdan 4:6, 0:6 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, Geldiýew ýaryşy altynjy orunda tamamlady.

Bu netijäniň esasynda Geldiýew geljek ýyl hem «Roland Garros Junior Series» ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türgeniň ilkinji tälimçisi Türkmenabat şäheriniň 9-njy çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň mugallymy Babamyrat Mämmetrasulow. Häzirki wagtda ol «Aşgabat» tennis akademiýasynda Ýuriý Rogusskiýniň we Meýlis Orazmuhammedowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Şu ýylyň maý aýynda Geldiýew 14 ýaşynda Türkmenistanyň erkekleriň arasynda geçirilen tennis çempionatynda ýeňiji bolup, milli rekord goýdy.