Turkmenportal logo
27.08.2026
70407040
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Babaýew Minskde geçirilen «Fight Nights 140» ýaryşynda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türgeni Abdylla Babaýew Minsk şäherindäki Sport köşgünde geçirilen «Fight Nights 140» ýaryşynda ýeňil agram derejesinde Özbegistanyň wekili Hindolbek Burijonowy tehniki nokaut bilen ýeňdi. Söweş iki minut hem dowam etmedi.

Babaýew söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, dünýä kubogynyň üç gezek eýesi, şeýle hem pankration boýunça dünýäniň we Aziýanyň çempiony bolup durýar. Türkmenistanyň türgeniniň ussatlar derejesindäki rekordynda indi 6 ýeňiş we 1 ýeňliş bar.