Turkmenportal logo
27.08.2026
99249924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýadaky «tomat söweşinde» 150 tonna pomidor harçlanyldy
Surat: tass.ru

Ispaniýanyň Walensiýa özbaşdak jemagatynyň Bunýol şäherinde geçen pomidor zyňyşmak däbine 22 müň töweregi adam gatnaşdy. Guramaçylaryň habar bermegine görä, her ýyl bellenilýän «Tomatina» festiwaly 79-njy gezek geçirildi diýip, TASS habar berdi.

Bir sagat dowam eden «söweş» wagtynda 150 tonna pomidor sarp edildi, bu 2025-nji ýyldakydan 30 tonna köpdür. Festiwalyň geçirilýän wagty lukmançylyk toparlary hem-de hukuk goraýjylar nobatçylyk etdiler. Ýerli «Las Provincias» neşiriniň ýazmagyna görä, azyndan dört adam çäre wagty lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutdy.

Ilaty 10 müň adam bolan Bunýolda pomidor zyňyşmak çäresiniň çäklerinde giň gerimli ýarmarkalar, bäsleşikler, teatr we saz çykyşlary guralýar. Myhmanlara ispan milli tagamy bolan paelýu hödürlenýär.

Baýramçylyk bir hepdeläp, şäheriň hemaýatkäri Keramatly Lui Bertranyň hormatyna guralýar. Ilkinji gezek pomidor zyňyşmak çäresi 1945-nji ýylyň awgustynda geçirildi.