ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň golaý günlerde işden gitjek metbugat sekretary Kerolaýn Liwitti wezipede kimiň çalyşjakdygy barada belli bir netijä gelmedi. Şonuň üçin žurnalistler üçin birifingleri Waşingtonyň edarasynyň esasy işgärleri nobatma-nobat geçirerler. Bu barada «CBS News» teleýaýlymynyň habarçysy Jennifer Jeýkobsa salgylanýan TASS habar berdi.
Habarda Liwittiň wezipesini şu annada – 28-nji awgustda terk etjekdigi bellenýär. Žurnalistler üçin brifingleri Ak tamyň metbugat bilen işleşmäge hem-de jemgyýetçilik bilen aragatnaşyga jogap berýän işgärleri däl-de, edaranyň esasy işgärleri geçirerler.
Habarda bellenilişi ýaly, Ak tamyň metbugat sekretary wezipesine esasy dalaşgärleriň hatarynda «CNN» teleýaýlymynyň habarçysy Skott Jennings görkezilýär.